Nusgawy gymmatlyk

20 Noýabr 2024
260

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bu günki gün ýokary netijelerini berýär. Halkara guramalardan ýurdumyza gelip gowuşýan hoş habarlar merdana halkymyzyň şatlygyny goşalandyryp, döwletimiziň mertebesini has-da beýgeldýär. Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, dünýäniň 86 döwletiniň bu taryhy Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi ata Watanymyzyň halkara abraý-mertebesiniň beýikdigini görkezýär. Kararnamanyň şeýle giň goldawa eýe bolmagy Bitarap Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň umumy bähbitlere we meýillere laýyk gelýändiginiň, BMG-niň Tertipnamasynda ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň taryhy ykbalynda mukaddes Garaşsyzlyk bilen bir hatarda duran ägirt uly gymmatlykdyr. Ol ýurdumyzyň her bir raýaty üçin parahat durmuşyň kepilidir, ertirki gününe ynamydyr, erkin zähmet çekmek we nesilleri ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek mümkinçiligidir.

Jahan ÝAKUPJANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar