Parahatçylyk we ynanyşmak

13 Noýabr 2024
302

Eziz Diýarymyzda ýokary guramaçylykly geçirilýän halkara maslahatlardyr forumlar paýtagtymyz Aşgabady dost-doganlygyň mekanyna öwürýär. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetlerini we däplerini döwletimiziň parahatçylyk ýörelgesiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Bu günki gün halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat bähbitleri bilen bagly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylykly, dost-doganlyk ýörelgesi dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar.

Bilşimiz ýaly, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň: «Dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hem-de Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzdan ugur alyp, biz ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek boýunça zerur tagallalary edýäris» diýip bellemegi, ýurdumyzyň parahatsöýüjilik ýörelgesiniň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär. Bu umumymilli forumda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak arkaly halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygy, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen dostlukly, birek-birege ynanyşmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary saklaýandygynyň bellenilmegi buýsandyryjydyr. Ýene-de bir buýsançly habarlaryň biri hem, golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa–— parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolup, bu ýagdaý ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýyny has-da belende göterdi.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar