Dillerde döwrüň waspy

6 Noýabr 2024
341

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýurdumyzyň her bir raýatynyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy pursatlara baý ýyllaryň biri bolmak bilen, il-gün bähbitli, döwlet, sebit, dünýä ähmiýetli ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyza yzygiderli gelip gowuşýan hoş habarlar bolsa, göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Ynha, golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Çünki Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň depginli ösýän strategik merkezleriniň birinde — Merkezi Aziýada BMG-niň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär.

Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işine möhüm ähmiýet berýändigine hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Parahatçylyk, gülläp ösüş, asuda asman, abadan durmuş ýaly düşünjeler bolçulygyň, bagtyýar ýaşaýşyň açary hasaplanýar» diýen jümleleri hem aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynda halkymyzyň dünýä nusgalyk parahatçylyk söýüji asylly ýörelgeleri hakynda parasatly oý-pikirler giňden beýan edilmek bilen, parahatçylygyň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, jemgyýeti ösdürmekde, gatnaşyklary jebisleşdirmekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berilýär.

Hemra GELDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň merkezi edarasynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.
Beýleki habarlar