Bilim bilen ganatlanýarys

6 Noýabr 2024
365

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynda bilim ulgamyny türkmen milli ýörelgesi esasynda has-da kämilleşdirmek, ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almaklaryna giň mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň hatarynda kesgitlenilýär. Şuňa laýyklykda, her ýyl ýurdumyzda häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarydyr.

Ýurdumyzda Ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmakda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmak, mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek, ýaş nesli milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda terbiýelemek bilen bagly meseleler ileri tutulýar.

Zyba KARRYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar