Gelin-gyzlarymyzyň milli başgaplary

20 Sentýabr 2024
606

Tikin işi bilen meşgullanmak zenan maşgala mahsus iş hasaplanylýar. Tikin işleriniň ähli görnüşleri öz gözbaşyny zenan dünýäsinden, gözelliginden, duýgusyndan we nepis döredijiliginden alyp gaýdýar. Şol döredijiligiň önümleri bolan egin-eşiklerini bolsa, ene-mamalarymyz «Eşigim — görküm, gelşigim» diýip söýüpdirler, apalapdyrlar. Olaryň aýratyn gadyr goýup geýenleriniň biri hem  başgaplar bolupdyr.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa bölüminiň hemişelik sergi zalyndaky halkyň geçmiş taryhy, şu güni bilen bagly gymmatlyklar muzeýiň esasy hazynasy hasaplanýar. Ondaky aýawly saklanýan XIX asyryň ahyryna, XX asyryň başlaryna degişli başgaplaryň, tahýalaryň gadymy görnüşleri göreni haýrana goýýar. Biçüw we nagyş aýratynlygyna görä, her bir başgabyň atlandyrylyşy bar. Türkmençilikde zenanlar başy açyk gezmeýärler. Şoňa görä-de, dürli ýaşdaky gelin-gyzlar üçin ýörite başgaplar tikilipdir. Olar diňe elde keşdelenen başgaplary geýmän, eýsem, nagyşlanan içtopbulary, çykyş tahýalary, solowuçlary, içderlikleri, piltegalpak tahýalary geýipdirler, telewiçleri dakynypdyrlar. Türkmen zenanlary XX asyryň birinji ýarymynda ýaglygy, käbir ýerlerde bolsa beýikli-pesli börügi, topbyny, hasabany geýipdirler.

Bossan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar