Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň iňňän öňdengörüjilikli, parasatly, ynsanperwer işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde uly zähmet üstünlikleri, belent abraý-mertebe bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna barýarys.
Gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen gurlan we gurulýan Arkadag şäheriniň mysalynda has aýdyň görünýär. Geçen 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda sebitde deňi-taýy bolmadyk bu «akylly» şäheriň birinji tapgyry dabaraly ýagdaýda açylanda döwrüň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan dürli maksatly desgalaryň 336-synyň, şol sanda 2, 5, 7, 9 gatly häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň 258-siniň hem-de beýleki hyzmat ediş edaralarynyň gurlup ulanmaga berilmegi halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin uly tagallalaryň edilýändigini görkezýär. Arkadag şäherinde bina edilen ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat edaralaryna halkymyzyň bagtyýar durmuşa eýe bolmagyna mynasyp goşant goşan, halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagy hem uly buýsanç duýgusyny döretdi.