Asylly ýörelgeleriň gözbaşy

2 gün öň
117

Zähmetsöýer, halal, päk ahlakly, ruhubelent şahsyýeti kemala getirmek halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebiniň gözbaşynda durýan ýörelgedir. Şonuň üçinem häzirki döwürde ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagyna uly ähmiýet berilýär. Çünki jemgyýetiň we döwletiň abadançylygy her bir raýatyň ahlak kämilligi bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Ajaýyp zamanamyzda türkmen maşgalasyna agzybirlik, halallyk, birek-birege hormat goýmak, sabyr-kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk-häsiýetler mahsusdyr. Ata-babalarymyzyň döreden «Halal zähmet — baky döwlet» diýen pähimi halkymyzda tutanýerli zähmete, halal gazanja uly hormat goýulýandygyny, eşretli ýaşaýşa ýetmek üçin halal zähmet çekmelidigini görkezýär. Eger-de adam ýaşlykdan bilim almaga we zähmet çekmäge uýgunlaşsa, ol durmuş ýolunda kynçylyk çekmeýär. Şoňa görä-de, ýaş nesillere mekdep ýyllaryndan kämil terbiýe berip, zähmet çekmäge endik etdirmek terbiýeçilik ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Arzuw SETDAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar