Sanly mümkinçilikler — täze ädimler

4 Sentýabr 2024
461

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde belent sepgitlere ýetilýär. Halk hakydasyna ornan hikmetli sözleriň birinde: «Älemiň gyragy bolmaz, ylmyň — çägi» diýlişi ýaly, häzirki wagtda ylym-bilimiň, tehnologiýalaryň ösüşi barha rowaçlyga beslenýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek maksadynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde uzak aralykdan bilim almagy, ylmy işleri, olimpiadalary, dürli ders bäsleşiklerini guramagyň tärlerini, elektron kitaplaryň baý goruny, okatmagyň elektron serişdelerini, forumlary öz içine alýan sanly bilim portallary döredilýär we kämilleşdirilýär. Bu babatda Türkmen oba hojalyk institutynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Institutda «Elektron dolandyryjy» atly içki bilim portaly hereket edip, onuň üsti bilen hasap-synaglar kabul edilýär, talyplaryň sapaklara gatnaşygy we netijeleri seljerilýär. Programmada talyplaryň şahsy otagy bolup, onda test soraglaryny onlaýn görnüşinde işlemek, institutyň elektron okalgasyndaky zerur kitaplardan, gollanmalardan peýdalanmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Mundan başga-da, institutda «tohi-portal» atly täze içki bilim portaly taýýarlandy. Bu içki bilim portalynda mugallymlar we talyplar üçin şahsy sahypalar göz öňünde tutuldy. Ýokary okuw mekdebiniň www.tohi.edu.tm web saýty bolup, onda institutda bolup geçýän täzelikler, onuň düzümi, okuw, ylmy-barlag işleri, halkara hyzmatdaşlygy babatda alnyp barylýan çäreler dogrusynda maglumatlar, talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen usuly maslahatlar hakyndaky makalalar ýerleşdirilip, olar yzygiderli baýlaşdyrylýar. Institutda «Moodle» platformaly täze döwrebap saýt hem döredildi. «Moodle» uzak aralykdan okuwlary guramak üçin niýetlenen açyk kodly platformadyr. «Moodle» platformasynda her bir ulanyjynyň öz şahsy otagy bolýar. Oňa her bir talyp öz sapaklaryna degişli maglumatlary, sapak ýazgylaryny, gollanmalary, kitaplary, sapaga degişli testleri ýükläp bilýär. Onda degişli maglumatlara bellikleri edip, talyplara kitabyň haýsy babyny okamalydygyny, haýsy ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirmelidigini görkezip, her bir tema degişli maglumatlary, talyplardan gelen jogaplary aýratynlykda seljermek mümkinçiligi döredilendir. Talyplar bu platformany ulanmak arkaly, mugallymdan sanly görnüşde islendik maglumatlary alyp, olary özleşdirip bilýärler. Talyp adaty sapaklardaky ýaly, ýoldaşlary we mugallymlary bilen aragatnaşyk saklap, sapak üçin niýetlenen wagt tamamlanandan soň hem, sapaga degişli maglumatlary öz şahsy otagyndan alyp bilýär. «Moodle» platformasynyň ýene-de bir aýratynlygy sanly görnüşdäki maglumatlaryň gorunyň bir ýerde jemlenendigidir we elýeterlidigidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän özgertmeler, döredilýän giň mümkinçilikler dürli ugurlar boýunça ýaş, tejribeli hünärmenleri taýýarlamakda binýat bolup hyzmat edýär.

Orazdurdy BAÝRAMDURDYÝEW,
TOHI-niň mugallymy.
Beýleki habarlar