Netijeli işler hünär kämilligine bagly

3 Sentýabr 2024
538

Her bir hünärmeniň zähmet çekýän ýerindäki wezipe borçlaryna düşünip, oňa yhlasly zähmet siňdirmegi gerek. Mugallymçylyk işinde bu jogapkärçilik has hem uly. Munda mugallymyň çaga bilimi terbiýe bilen bilelikde öwretmegi zerur bolup durýar. Munuň üçin bolsa mugallymyň işe bolan höwesiniň, başarnygynyň has-da kämil bolmagy gerek. Bu hakynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» hem bellenilýär. Has takygy, bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, pedagog işgärleri hünär taýdan taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, bilimiň usulyýet binýadyny nazaryýet we amalyýet taýyndan işlemek, okuw-tejribede berkitmek möhümdir. Umumybilim edaralarynda okuwçylaryň okuw ýüküne laýyk getirilen bilimleriň esaslaryny goýmak, olaryň zähmet endikleriniň ösdürilmegi, ýokary ahlak sypatlarynyň, belent adamkärçilik duýgularynyň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň terbiýelenmegi mugallymlaryň hemişe üns merkezinde bolmalydyr.

Her bir ýurduň geljegini onuň ylym-bilimli, sowatly ýaşlary bilen ölçerip bolýar. Şeýle ýaşlary kemala getirmekde ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň eýelän orny diýseň uludyr. Çaga mekdepde okuwçy döwründe, ilki bilen, sowat, soňra bolsa bilim alýar. Orta mekdepde alan bilimlerini ýokary okuw mekdebinde kämilleşdirip, ähli zady ylmy esasda, ylmy tarapdan öwrenýär. Şu ýerde ýokary okuw mekdebiniň mugallymynyň pedagogiki ussatlygy, wezipesi, borçlary ýüze çykýar. Mugallymyň abraýy okuwyň netijeleri bilen gönüden-göni baglanyşykly bolýar. Mugallym üçin ýokary pedagogiki medeniýet örän möhümdir.

Gülälek BAÝRAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar