Döwletli işlere badalga

21 Awgust 2024
122

Şanly ýylymyzda toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy halkymyzyň hakydasynda ebedilik orun aljak buýsançly wakalar bilen utgaşar. Çünki şol baýramçylyk günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi diňe bir Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhynyň gatlaryny altyn harplar bilen bezemän, eýsem, watandaşlarymyzyň kalbyna aýratyn ýakym çaýjak wakalaryň biri bolar. Bu hakykata ählihalk forumynyň geçen mejlislerinde kabul edilen çözgütlerdir kararlara laýyklykda durmuşa geçirilýän beýik işleriň mysalynda hem anyk göz ýetirýäris.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň syýasy ulgamyny kämilleşdirmäge, döwrüň öňe çykarýan meselelerini giň halk köpçüliginiň gatnaşmagynda, aç-açanlyk ýagdaýynda ara alyp maslahatlaşmaga, anyk çözgütleri kabul etmäge uly mümkinçilik döredýär. Şeýle hem pederlerimiziň asylly däp-dessurlaryna, jemgyýetimiziň milli demokratik ýörelgelerine esaslanyp, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň döwletimizi dolandyrmaga işjeň gatnaşmaklary gazanylýar. Bagtyýarlyk döwrümizde üstünlikli dowam etdirilýän bu demokratik ýörelgeler öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Şöhratly ata-babalarymyzyň döreden beýik döwletleriniň taryhyna ser salanymyzda, döwlet dolandyryşynda maslahata, geňeşe aýratyn ornuň berlendigine göz ýetirýäris. Bu gün bolsa Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli gymmatlyklarymyzdan, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen geňeşip, möhüm syýasy, ykdysady meseleleri çözmek ýaly asylly däplerinden ugur alnyp, döwlet dolandyrylyşy döwre mahsus derejede kämilleşdirilýär.

Halmurat SETDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar