Sagdyn ýaşaýşyň çeşmesi

21 Awgust 2024
614

Mälim bolşy ýaly, geçen asyryň ortalaryndan soňra dünýäde ekologik meseleler ýitileşip başlady. Häzirki wagtda olar bütin adamzadyň öňünde onuň geljegi üçin çözülmesi örän wajyp ählumumy mesele bolup durýar we dünýäniň ähli döwletleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Çünki dünýäniň bir bölegindäki ekologik işjeňlik onuň beýleki bir künjegine öz täsirini ýetirip durýar.

Ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin iň zerur şertleriň biri atmosfera bolup, ol adamlary Gün şöhlesinden, ultramelewşe şöhlelerden ygtybarly goraýar. Atmosferanyň daşky gurşawda aýratyn ornunyň bardygy mälimdir. Adamlar dürli sebäpler bilen atmosferany hapalaýarlar, janly-jandarlara zyýanly maddalaryň üsti bilen zeper ýetirýärler. Howanyň hapalanmagy adam saglygyna, daşky gurşawa uly howp salýar. Maglumatlara görä, häzirki wagtda adamzadyň işjeňligi zerarly ýer örtüginiň 30 göterimi, ýagny 45 million inedördül kilometri zyýan çekýär. Şu ýagdaýda her ýylda 6 million gektar toprak çölleşýär, gury ýeriň 20 göterimini tutýan (3 milliard gektar), ösümlikleriň we jandarlaryň 50 göterimini özünde jemleýän tropiki tokaýlyklar ýitip ýok bolup barýar. Awtoulaglaryň tükeniksiz gazlary bilen zäherlenen gurşaw adam bedeniniň immun ýetmezçiligine sebäp bolýar. Olar dürli kesellere-de getirýär. Şeýlelikde, howanyň häzirki ählumumy maýlamasynyň esasy sebäbi kömürturşy gazynyň we beýleki parnik gazlarynyň atmosfera goýberilmegi bilen baglydyr. Hasaplamalara görä, häzirki wagtda dünýäde 1,47 milliard awtoulag hereket edýär. Soňky ýyllarda awtoulag bilen arassa ekologiýanyň arasyndaky baglanyşyk meselesi adamlary ondan çykalga gözlemäge iterdi. Çykalga hökmünde bolsa, elbetde, welosiped saýlanyp alyndy.

Goçmyrat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar