Bathyzyň gaýtalanmajak gözelligi

19 Awgust 2024
577

Halkymyzyň ylym-bilim, ruhy-ahlak taýdan kämil bolmagy geljekki sagdyn jemgyýetimiziň binýadynyň berkden tutulmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Watana bolan söýgi tebigata bolan söýgüden başlanýar. Daşky gurşawy goramak boýunça döwletimiziň işjeňlik görkezýän ählumumy ekologiýa meseleleriniň çözülmegi babatynda milli ýörelgelerimize, asylly däplerimize eýerilýär.

Halkymyzyň paýyna düşen tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baý hazynasyny, gaýtalanmajak landşaftlaryny, ýagny tokaýlary, çöl-beýewanlary, sähralary, beýik daglary, deňiz-derýalary we çöketlikleri nesillere miras galdyrmak üçin aýap saklamak goraghanalarymyzyň, galyberse-de, her bir raýatymyzyň mukaddes borjy bolup durýar. Aýratyn goraga mätäç täsin haýwanlaryň biri alajagaplaň (bars) — Bathyzda duş gelýär. Bathyz döwlet tebigy goraghanasy ýurdumyzyň Mary welaýatynda ýerleşýär. Alajagaplaň şol goroghananyň ýyrtyjy haýwanlarynyň biridir. Ol gulanlary, keýikleri, dag goýunlaryny (aýraklary), ýekegapanlary awlap iýmitlenýär. Ondan başga-da, ýyrtyjynyň awy oklykirpi, ownuk gemrijiler, tilki, möjek, käkilik bolup biler. Ol nähili güýçli we ýyndam haýwan bolsa-da, onuň hem duşmanlary bar. Ene bars çagalaryny goýup awa gidende, olaryň iň howply duşmany möjekdir.

Natalýa MUHAMMETJUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar