Kämilleşýän sanly ulgamda täze döwür

15 Awgust 2024
664

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady ösüş babatyndaky strategiýasynyň esasy wezipesi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistan demokratik, hukuk kadalaryna esaslanýan, ykdysady taýdan durnukly ösýän döwlet hökmünde sebitde-de, dünýä jemgyýetçiliginde-de mynasyp orun eýeleýär.

Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan kämil senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar.  Elektron senagaty döretmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, galyberse-de, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek hukuk kepilliklerini talap edýär.

Yhlas NURESENOW,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar