Täze kärhana işe girizildi

13 Awgust 2024
598

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherinde ýerleşýän «Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gursagy hyjuwlardan, kalplary arzuwlardan doly işçi-hünärmenleriniň ýene bir maksady şatlyk-şowhuna beslenip amala aşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň rysgally-döwletli günlerinde bu paýdarlar jemgyýetiniň gön işläp bejerýän täze, kuwwatly kärhanasy gurlup, önümçilige goýberildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda döwletimiz tarapyndan berlen uzak möhletli, ýeňillikli karz pul serişdesiniň hasabyna bina edilen bu kuwwatly kärhana dünýäniň ösen ýurtlarynyň gön önümçiligi üçin niýetlenen kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Önümçilik kuwwaty her aýda iri şahly mallaryň 50 müňüsiniň derilerini işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän bu kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 100-den gowrak täze iş ornunyň dörändigi hem bellenilmäge mynasypdyr.

Toýly GARÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi.
Beýleki habarlar