Watana bolan söýgüden gözbaş alýan beýik işler

9 Awgust 2024
160

Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýip nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň bu dürdäne sözleriniň ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyna üstümizdäki ýylyň geçen döwründe ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, ähli ugurlarda gazanylan ösüşleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Her bir güni taryhy wakalara beslenýän ajaýyp zamanamyzda agzybirligi, jebisligi ýaran edinen halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görýär. Amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň geljekki ýyllarda hem dowamat-dowam boljakdygynyň aýdyň nyşanydyr.

Amanbagt Orazberdiýewa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar