Hazar düwleni

9 Awgust 2024
596

Hazar deňziniň ekologiýa taýdan amatlyklary balyklar bilen birlikde, suw süýdemdirijisi bolan Hazar düwleniniň hem deňiz suwunda erkin ýaşamagyna, öz nesillerini örňetmegine tebigy şertleri döredýär. Bu süýdemdirijileriň bedeniniň gurluşy we ekologik uýgunlaşyşy iýmit gözlegi esasynda emele gelen hereketleri bilen baglanyşyklydyr. Oňa bolsa ýaşaýan gurşawynyň güýçli täsiri bar.

Mysal üçin, küregaýakly süýdemdirijilerden Hazar deňzinde ýaşaýan düwlen suwda örän oňat ýüzýär. Düwlenler suwuň aşagynda dowamly saklanmaga-da ukyplydyr. Olar suwda we suwuň aşagynda öz duşmanlaryndan gizlenýärler hem-de iýmitlenýärler, ýöne düwlenler köpelýän döwründe galyň, döwülmejek buzuň üstüne, buz bolmadyk ýagdaýynda hem-de dynç alanlarynda suwuň gyrasyna, gury ýere çykýarlar. Hazar düwlenleri deňziň türkmen kenaryndaky Ogurjaly adasynyň ýakasyna güneşlemäge gelýärler. Beýleki süýdemdirijiler ýaly, olar hem bedeninde D witaminini özleşdirmekde Gün şöhlesini peýdalanýarlar.

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar