Baş maksat — halkyň bagtyýar durmuşy

7 Awgust 2024
134

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli beýik işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gerimini has-da giňeldip, uly üstünliklere beslenýär. Täze taryhy eýýamyň ajaýyplyklaryndan ruhlanýan bagtyýar raýatlarymyz üstümizdäki ýyly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak üçin, yhlasly hem tutanýerli işleýärler. Aýratynam, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara häzirki wagtda uly ynam bildirilýär. Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanyp, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we halkymyzyň baky bagtyýarlykda ýaşamagyny üpjün etmeklige gönükdirilen taryhy özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde türkmen ýaşlaryna aýratyn orun degişlidir. Şonuň üçinem olar zähmetsöýer, ruhubelent, ýokary ahlakly, hünärli adamlar bolup ýetişmegi öz öňlerinde belent maksat edip goýýarlar.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzy ösdürmekde milli we döwlet maksatnamalaryna badalga berildi. Ähli pudaklary kämilleşdirmek we depginli ösdürmek, sanly ulgama geçmek, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen önümçilik kärhanalaryny gurmak, netijede, halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmek geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň esasy wezipeleridir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» boýunça häzirki wagtda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler durmuş-ykdysady ösüşleriň täze sepgitlerine ýetmäge ýardam edýär.

Eziz MATDYÝEW,
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş inženeriniň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar