Jenneti mekan Awaza

7 Awgust 2024
119

Syýahatçylyk ýurdumyzyň ykdysadyýetinde wajyp ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Hazar deňziniň kenarynda köp sanly ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar we uly adamlar üçin niýetlenen sagaldyş we dynç alyş merkezleri, kottejlerdir seýilgäh-dynç alyş toplumlary peýda boldy. Netijede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýä derejesindäki dynç alyş, syýahatçylyk hem-de halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edildi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň taryhy 2007-nji ýylyň maýyndan gözbaş alýar. Şol aýda deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirilip, onda Gahryman Arkadagymyz deňiz ýakasynda dünýä derejeli syýahatçylyk zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Dekabr aýynda daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen biznes-forumda bu deňi-taýy bolmadyk taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagyna badalga berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Balkan welaýaty boýunça wekilhanasy.
Beýleki habarlar