Ösüşlere binýat bolup

7 Awgust 2024
153

Welaýatymyzyň agzybir zähmetkeşleri tamamlanýan her bir güni, her bir aýy uly üstünliklere besleýärler. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşlerine saldamly goşant goşulýar. Şanly ýyly şowly jemläp, at-abraý eýeleri bolmak ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýänleriň hatarynda «Lebapgazçykaryş» müdirligiň ruhubelent we başarjaň hünärmenleri hem bar. Olaryň tebigy gazyň öndürilişini artdyrmak ugrunda edýän bilelikdäki tagallalary ýerine düşýär.

Tebigy bol gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda bu gymmatly ýangyjyň öndürilişi ýylsaýyn artdyrylýar. Lebaply baýlyk çykaryjylar yhlasly we maksada okgunly zähmet çekip, üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda «mawy ýangyjyň» 6 milliard kub metre golaýyny öndürmegiň hötdesinden geldiler.

Beýleki habarlar