Alpan obasyndaky ak mekdep

7 Awgust 2024
142

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýaş nesle bilim-terbiýe bermäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepler gurulýar, olar multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär. Mekdep okuwçylarynyň halkara ülňülerine laýyk bilim almaklary, bilim-düşünjelerini artdyrmaklary, zähmetsöýer şahsyýetler hökmünde kemala gelmekleri üçin orta mekdepleriň ajaýyp binalary gurulýar. Biziň welaýatymyzda hem ýaşlaryň uly topary her täze okuw ýylyny döwrebap mekdeplerde garşylaýar.

Ynha, şu täze okuw ýylynda hem welaýatymyzda ýaşlaryň bir müňden gowragy ilkinji günden döwrebap mekdeplerde okap başlar. Olaryň birisi Hojambaz etrabynyň merkezinde, beýlekisi hem Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynda gurulýar. Orta mekdepleriň ikisiniň hem gurluşygy tamamlaýjy tapgyryna gadam goýdy. Hojambaz etrabynda gurulýan 960 orunlyk orta mekdebiň gurluşygy hakynda öň habar beripdik. Saýat etrabynda gurulýan 400 orunlyk orta mekdebiň gurluşygy hem üstünlikli tamamlanýar. Oba görk berip duran iki gatly täze mekdebiň daş-töweregini abadanlaşdyrmak, bag daragtlaryny oturtmak işlerine-de girişildi. Gurluşygy «Ussat Tirkiş» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ýerine ýetirýärler. Hususy kärhananyň hünärmenleri geçen ýyllarda welaýatymyzyň çäginde dürli binalary, şol sanda, şu etrabyň Esgi geňeşliginiň Gyzylgaýa obasynda 600 orunlyk, Çowdur geňeşliginiň çäginde 600 orunlyk orta mekdepleriň binalaryny gurdular. Hususy kärhananyň iş ýöredijisi Nazargeldi Jumanow ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň hiliniň ýokary bolmagy ugrunda hünärmenleriň ellerinden gelenini gaýgyrmaýandyklaryny aýdýar.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar