Ählihalk forumy — umumymilli galkynyşyň rowaçlanmasy

7 Awgust 2024
153

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçiriljek umumymilli foruma — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda hem uly taýýarlyk görülýär. Ählihalk forumda oba zähmetkeşleriniň hem sözüniň diňlenmegi, oba we suw hojalygyna, daşky gurşawy goramaga degişli möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy, çözgütleriň kabul edilmegi buýsandyryjydyr.

Garaşsyz döwletimiziň kuwwaty, at-abraýy, şöhraty, ýurdumyzda milli demokratiýanyň we onuň esasy şerti bolan raýat jemgyýetiniň ösüşi, agrar özgertmeleriň miweleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmäge, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Işjeň senagatlaşýan döwletimizde azyk we gaýtadan işleýän täze kärhanalaryň, elewatorlaryň, ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň, maldarçylyk, guşçulyk toplumlarynyň sany barha artýar. Bu bolsa gök we miwe önümleriniň möçberini artdyrmaga, ýurdumyzyň bazarlarynda ýylyň islendik döwründe haryt bolçulygyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty.
Beýleki habarlar