Agzybirlik we jebislik bilen

7 Awgust 2024
153

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi täze eýýamymyzda milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň, ata-babalarymyzyň her bir tutumly işi ara alyp maslahatlaşmak, agzybirlikde geňeşli iş başlamak däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysaly bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orun eýeleýän bu umumymilli forumy guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri giň gerimde dowam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik durmuşyny has-da kämilleşdirmekde uly ähmiýetli taryhy mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler ýurdumyzyň kuwwatly ösüşiniň ähli ugurlaryny özünde jemleýär. Halkymyzyň abadan durmuşynyň, bagtyýarlygynyň iň ýokary derejesiniň üpjün edilýändiginiň ajaýyp alamatlary bolsa ähli ugurlar boýunça gazanylýan ösüşlerde aýdyň görünýär. Halk Maslahatynyň mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň çäginde Daşoguz welaýatynda hem degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Şu günler welaýat, etrap we şäher häkimliklerinde, iri jemgyýetçilik guramalarynda dabaraly maslahatlar geçirilýär. Welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň guramaklarynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, syýasy partiýalaryň wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşýarlar. Bu maslahatlarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda zähmet çekmek, ýaşamak we dynç almak üçin döredilýän döwrebap mümkinçilikler, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler, syýasy-ykdysady we medeni ulgamlarda gazanylýan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň edilýär. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň täze başlangyçlary esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Döwletimiz her bir raýatyň isleg-arzuwlaryny amala aşyrmagy, mähriban halkymyzyň parahat durmuşyny we milli jebisligini üpjün etmegi hem-de halk häkimiýetini, raýat jemgyýetini mundan beýläk-de ösdürmegi ileri tutýar.

Amanmyrat KAKYŞOW,
Daşoguz welaýat halk maslahatynyň başlygy.
Beýleki habarlar