Arkadag şäheri — Arkadag paýhasynyň miwesi

7 Awgust 2024
148

Ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň durmuşyny düýpli özgertmek, iň rahat, bagtly ýaşaýşy şu toprakda döretmek ugrunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän işlerini sanasaň sogaby bar. Olar juda köp, edil şonuň ýaly, olaryň gymmatyna ýetme ýok. Milli Liderimiziň Arkadag şäherini döretmek baradaky başlangyjy, soňra onuň gurluşygy bilen baglanyşykly tagallalary hem şol işlerden.

Arkadag şäheri! Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň güwäsi! Lowurdap duran ak şäher! Sebitde ilkinji «akylly şäher»! Rahatlygyň, bagtyň şäheri! Gözelligiň, nuranalygyň şäheri! Ylmyň, medeniýetiň şäheri! Ýaşlaryň hem-de döredijiligiň şäheri! Şu günüň hem geljegiň şäheri!.. Gahryman Arkadagymyz ony hemmetaraplaýyn üns merkezinde saklaýar. Raýatlaryň bu ýerden täze jaýly bolmagy, olar üçin ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmegi, şäherde joşgunly durmuşyň möwç urmagy ugrunda alada edýär. Häzirki wagtda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky işleriň gidişini, ol işleriň her biriniň döwrüň iň ýokary talaplaryna laýyk gelmegini, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagyny Milli Liderimiz bir pursat hem gözden salmaýar. Arkadag şäherine häli-şindi iş sapary bilen baranda, şeýle möhüm meseleler bilen gyzyklanýar.

Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar