Çypar ýelbe

6 Awgust 2024
590

Biziň ýurdumyzda guşlaryň sany we görnüş dürlüligi ornitolog alymlar tarapyndan XX asyryň ortalarynda öwrenilip başlandy. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, ýurduň ornitofaunasynyň düzümi barada maglumatlaryň ýylsaýyn üsti ýetirildi. Mysal üçin, 1952-nji ýylda — 367, 2011-nji ýylda — 417, 2013-nji ýylda — 422, 2018-nji ýylda bolsa 436 görnüş hasaba alyndy.

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde we oňa golaý meýdanlarda guryýer, şeýle hem suw-batgalyk guşlaryň ýaşamaklary, höwürtgelemekleri we köpelmekleri üçin amatly ýerler bar (Gaplaňgyr, Gaňňagyr, Goýungyrlan, Tärimgaýa belentlikleri, Sarygamyş, Zeňňibaba, Uzynşor kölleri we başgalar). Bu ýerler özüniň iýmite baý bolmagy bilen guşlary özüne çekýär we olaryň iýmitlenmegi hem-de ýaşamagy üçin amatly şert döredýär.

Maksat HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar