Äwmezlik awundyrmasyn

6 Awgust 2024
165

Türkmen tebigatynda dürli görnüşli ösümlikler bilen bir hatarda, mör-möjekleriň, süýreniji jandarlaryň hem köp dürlüsi bar. Şonuň üçin tebigata gezelenje çykylanda ýa-da meýdan işlerinde ýylan çakmagyndan, içýandyr möýden awunmazlyk üçin ägä bolmak gerek. Seresaplylyk, duş gelýän howply, zäherli janly-jandarlara aýawly çemeleşip, olara degmezlik ýüze çykyp biläýjek ýaramaz hadysalaryň öňüni almagyň möhüm şertidir. Ýöne durmuşda her hili ýagdaý bolýar. Şonuň üçin tötänlikde ýa-da äwmezlik sebäpli betbagtçylyga uçralanda, näme edilmelidigi barada söz açmagy makul bildik.

Türkmen tebigatynyň köpdürli haýwanat dünýäsinde ýylanlar aýratyn orun eýeleýär. Onlarça görnüşli şol ýylanlaryň arasynda diňe kepjebaş, göklors, alahöwren we galkanburun zäherli hem howply ýylanlar hasaplanylýar. Her ýylanyň zäheriniň ferment düzüminiň özboluşly aýratynlyga eýedigine görä, olar çakanda bolup geçýän zäherlenmäniň alamatlary hem aýry-aýrydyr. Mysal üçin, kepjebaş bilen göklors ýylanlarynyň zäheri ilkibaşda nerw ulgamyna täsir edýär, yzýany bilen baş aýlanma, arterial gan basyşynyň peselmegi, aritmiýa alamatlary güýjäp başlaýar. El-aýakdan başlap, bedene ýaýraýan ysmazlyk, şeýle hem dem alyş muskullarynyň we merkeziniň ysmazy ýüze çykýar. Alahöwren we galkanburun ýylanlary çakanda, zäher ganyň eritrositlerine we gan damarlarynyň diwarjyklaryna howply zeper ýetirýär. Şonda ilki bilen gyzarma, ýara ýerinden tiz ýaýraýan çiş we gan inmeler (gemorragiýalar) ýüze çykýar. Köp ýagdaýlarda wena we limfatik damarlar zeperlenýär. Kähalatlarda bolsa, aşgazandan, burundan, böwreklerden gan akmalar howp salýar. Ýylan çakmasy sebäpli zäherlenmeler dürli häsiýetde bolsa-da, olaryň ýürek bulanma, deriniň reňkiniň solmagy, ysgynsyzlyk, baş aýlanma, arterial gan basyşynyň peselmegi, ýüregiň çalt urmagy ýaly, umumy alamatlary hem bardyr. Şeýle alamatlar ýüze çykan ýagdaýynda näsaga gyssagly lukmançylyk kömegi berilmese, onuň özünden gidip, heläk bolmagy hem mümkin.

Amangeldi HAMEDOW,
Bäherden etrap hassahanasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy, lukman.
Beýleki habarlar