Çomuçlar Türkmenistanyň Gyzyl kitabynda

5 Awgust 2024
681

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Tebigata söýgi türkmen halkynyň häsiýetiniň, ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Eziz çagalar, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir işler bagtyýar geljegiň hatyrasynadyr. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň özboluşly we örän baý tebigaty bar. Uçut gaýaly, dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän çägeli sähralarymyz, tolkun atyp ýatan deňiz-derýalarymyz, bal suwly dag çeşmelerimiz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözellik berýär. Türkmen halky asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy gorapdyr we tebigat täsinliklerini özüniň medeniýetine, däp-dessurlaryna ornaşdyrypdyr. Halkymyz el işlerinde, aýdym-sazlarynda ajaýyp tebigatymyzy suratlandyryp görkezmegi başarypdyr. Dünýä belli türkmen halylarynyň reňki dürli ösümliklerden alnypdyr, ýüzlerçe dermanlyk ösümlikleri halk lukmançylygynda ulanylypdyr. Şonuň üçin hem, türkmenlerde tebigata bolan aýratyn sarpa, hormat asyrlarboýy saklanyp galyp, nesillerimiziň aňyna ornaşypdyr.

Pirli KEPBANOW,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň direktory, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar