24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýnsy kabul etdi.
Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.