Gözel tebigatyň goragynda

24 Iýul 2024
742

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyzda tebigaty, daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň kanuny esaslaryny düşündirmek, ýaşlaryň garaýyşlaryny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly çärelere, syýasy-jemgyýetçilik, medeni-durmuş wakalaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çapdan çykmagy bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurdaky möhüm işleriň biri boldy.

Şu waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň okyjylaryna, awtorlaryna we neşir edijilerine iberen Gutlagynda şeýle diýilýär: «Eziz Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly genofonduny gorap saklamakda Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu kitap biodürlüligiň ylmy taýdan öwrenilip taýýarlanylan hazynalar çeşmesidir». Munuň özi Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ýurdumyzyň tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, baýlaşdyrmak, olary öwrenmekligi ylmy esaslarda alyp barmak babatdaky goşandyny anyk kesgitleýär.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar