Nanotehnologiýa — geljegi uly ylym

23 Iýul 2024
696

Häzirki döwürde ýurduň halkara giňişliginde tutýan orny diňe bir onuň syýasy agramy ýa-da ykdysady serişdeleriniň möçberi bilen kesgitlenmän, eýsem, milletiň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmagyň esasynda pugtalandyrylýan innowasion kuwwaty bilen hem şertlendirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Öňe sürýän beýik başlangyçlarymyzda, uludan tutulýan döwletli işlerimizde hemişe ylma daýanýarys» diýmek bilen, milli ylym ulgamyny ösdürmäge uly üns berýär. Täze tehnologiýalaryň, ylmy işläp taýýarlamalaryň ýurduň içinde döredilmegi ylmy köp talap edýän önümleriň möçberleriniň artmagyna getirmek bilen birlikde, milli ykdysadyýetiň tehnologik garaşsyzlygyny üpjün etmäge hem ýardam berýär. Şundan ugur alyp, ýurduň innowasion kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmakda nano we biotehnologiýalaryň ösdürilmegine, elektronika senagatynyň ýola goýulmagyna, kompýuter ylymlarynyň ösüşiniň ileri tutulmagyna uly ähmiýet berilýär. Şu ýylyň 8-nji iýunynda «Ýaşyl ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň geçirilmegi bu ugra uly üns gönükdirilýändigini görkezýär. Halkara tejribesinden görnüşi ýaly, innowasion tehnologiýalaryň döredilmegi, ilkinji nobatda, fizika ylmynyň dürli bölümleriniň ösdürilmegini, düýpli ylmy barlaglaryň, tehnologiýalary kämilleşdirmekde iri möçberli amaly işleriň geçirilmegini, şeýle-de uly göwrümli tejribe-synag gözlegleriniň alnyp barylmagyny talap edýär.

Ylmyň depginli ösýän ugurlarynyň biri-de nanotehnologiýa ugrudyr. Nanotehnologiýa — ululygy birlikden başlap birnäçe ýüz nanometre çenli (1 nanometr — metriň milliarddan bir bölegidir) bolan obýektleri ösdürmäge we ulanmaga ýöriteleşen ylym pudagydyr. Maddalar şeýle göwrümde beýleki derejelerdäkiden (meselem, atom, molekulýar ýa-da makrogöwrüm) tapawutly häsiýete eýe bolup bilýärler. Bir jisim nanometrlere bölünende, onuň fiziki we himiki aýratynlyklary üýtgeýär. Şeýle materiallar gowulaşan häsiýetlere eýe bolup biler, mysal üçin agramyny azaldyp, kuwwatlylygyny artdyryp biler.

Ezizguly HOJAMBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar