Häzirki zaman žurnalistikasy: halkara tejribeleri özleşdirip

20 Iýul 2024
208

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň geçen 32 ýyldan gowrak döwründe dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklarda depginli ösüş gazanyldy. ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalary ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar. «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işiniň netijesinde, bu ugurdaky tagallalar has-da işjeň dowam etdirilýär. Ösüşi nazarlaýan şeýle gatnaşyklar bilen birlikde, türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň medeni-ynsanperwer ulgamda hem yzygiderli ilerledilýändigini nygtamalydyrys. Amala aşyrylýan bilelikdäki işler birek-birege hormat goýmaga, tejribe alyşmaga esaslanýar we geljekki özara bähbitli işleriň binýadyny pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar.

ABŞ-nyň Hökümeti bilen bilelikde durmuşa geçirilýän okuw we hünär alyş-çalyş maksatnamalary degişli ugurdaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagynda uly ähmiýete eýedir. «Open World» maksatnamasynyň çäklerinde, özara tejribe alyşmak maksady bilen, türkmen žurnalistleriniň Kaliforniýa ştatyna bolan okuw saparynda hem bu ýurduň žurnalistikasynyň häzirki döwre berýän teswiri, žurnalistleriň iş usullary, gazet makalalarynyň taýýarlanylyşy geçirilen maslahatlaryňdyr «tegelek stol» duşuşyklarynyň temasynyň özenini düzdi.

Annaguly IŞANGULYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar