Rowaç işleriň mekany

17 Iýul 2024
209

Rowaçlyga eltýän ösüş ýoluny esaslandyran Milli Liderimiziň ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen beýik ösüşleri külterleýän ata Watanymyzyň her güni şatlykly habarlara beslenýär. Ynha, şolaryň birisi hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanydyr. Möhüm resminama laýyklykda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň giňişleýin mejlisde aýdyşy ýaly, döwletimiziň syýasaty bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ösdügisaýyn ynsanperwer syýasat şonça-da giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan uly göwrümli özgerişlikleri we milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri biziň şu günümize buýsanjymyzy beýgeldip, geljegimiziň rowaçlygyna ynamymyzy şonça-da berkidýär. Hökümet mejlisiniň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada getirilen maglumatlar hem biziň her birimiziň döwletimize bolan buýsanjymyza buýsanç goşýar.

Beýleki habarlar