Jana melhem deňiz suwy

17 Iýul 2024
203

Tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde deňizde suwa düşüp, dynç almagyň aýratyn bir lezzeti bar. Güneş, çäge, duzly deňiz  suwy we howasy tebigy dermanhana bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen birlikde, deňiz suwy adam bedeni üçin peýdaly maddalara baýdyr. Onuň bejerijilik häsiýetleri irki döwürlerden bäri mälimdir. Gippokrat süňk döwülmeleriniň tiz bitmeginde, myşsa we bil agyrylarynda deňiz suwunyň peýdalydygyny belläp geçipdir. Deňiz suwunyň düzüminde minerallaryň 90-a golaý görnüşi bar. Olardan kaliý, magniý, kalsiý, brom bedendäki alyş-çalyş hadysalaryna we öýjükleriň täzeden dikelmegine itergi berýär, nerw ulgamyny pugtalandyrýar. Deňizde suwa düşmek adam bedenine oňyn täsir edýär. Immunitetiň berkemegine, gan aýlanyşynyň kadalaşmagyna, respirator kesellere garşy durujylygy ýokarlandyrmaga, deriniň we saçyň ýagdaýyny gowulandyrmaga, ganyň kislorod bilen baýlaşmagyna ýardam edýär. Bularyň ählisi deňiz suwunda ergin haldaky peýdaly maddalaryň adam bedenine göni täsir etmegi netijesinde bolup geçýär. Deňizde 30 minutlap suwa düşülende, bedeniň hemme ýerine owkalanan ýaly täsir edýär.

Deňiz suwunda ýod köpdür. Munuň özi galkan şekilli mäziň işine itergi berýär. Deňziň kenarynda 15-20 günläp dynç alnanda, bedeniň ýod bilen üpjünçiligi ýokarlanýar.

Beýleki habarlar