Kädi çigidi

17 Iýul 2024
202

Kädiniň adam saglygyny goramakda we berkitmekde peýdasynyň bolşy ýaly, onuň çigidi hem peýdalydyr. Kädi çigidi beloga, peýdaly ýaglara, kletçatkalara, antioksidantlara we beýlekilere baýdyr. Onda E, K we B toparynyň witaminleri bar. Munuň özi onuň dermanlyk häsiýetlerini ýokarlandyrýar. Kädi çigidi ýürek-damar ulgamyna peýdaly bolmak bilen, gan basyşyny we gandaky süýjini kadalaşdyrýar. Hatda ol saç düşmeginiň hem öňüni alýar. Serbiýaly alymlar kädi çigidiniň ýagynyň ýürege peýdalydygyny subut etdiler. Kädi çigidi ýadawlygyňy aýyrýar, onda magniniň köp bolmagy nerw ulgamyna täsir etmek bilen, ukyny kadalaşdyrýar, sagdyn immun ulgamynyň, durnukly ýürek urşunyň bolmagyna ýardam edýär, süňkleri berkidýär. Onuň sowuklama, mikroblara garşy we peşew çykaryjy tebigy serişdedigini bellemek gerek. Iýmit siňdirişi kadalaşdyrmakda, gandaky holesterini azaltmakda, gan aýlanyş ulgamynyň ýagdaýyny gowulandyrmakda we gan damarlaryny giňeltmekde haýyrlydyr. Horlanmak isleýänler üçin hem peýdaly önümdir.

Beýleki habarlar