Hormatly raýatlar!

5 Iýul 2024
338

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek maksady bilen, «Magtymguly Pyragy» atly täze möhletli goýumyny hödürleýär.

«Magtymguly Pyragy» atly möhletli goýumy ýyllyk 11 (on bir) göterim bilen, 1 (bir) ýyl möhlete açylýar, şeýle hem goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär. Şertnamanyň hereket edýän möhleti tamamlanandan soň, goýumçynyň talaby boýunça pul serişdeleri nagt ýa-da nagt däl görnüşinde gaýtarylýar.

Beýleki habarlar