SANLY DÜNÝÄ: ÝAŞLAR. ÖSÜŞ. GELJEK

4 Iýul 2024
824

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler gönüden göni ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Bu gün ylym-bilimiň kömegi bilen awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar ynsanyň bähbidine gulluk edýär.

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça aýgytly başlangyçlara badalga berlip, häzirki wagta çenli netijeli işler alnyp baryldy. Bu işleriň netijesinde maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçilikleriniň giňden ulanylmagy bilen, sarp edijileriň wagtlary we serişdeleri tygşytlanylýar. Munuň özi, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilýändigini, sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň döredýän amatlyklarynyň geriminiň giňeýändigini we geljekde has-da giňejekdigini ynamly aýtmaga esas döredýär. Ýurdumyzda sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylýan döwründe olardan kämil baş çykarmak, dogry peýdalanmak ýaly işlere ýaşlary çekmek, olary höweslendirmek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Pirnazar REJEPOW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar