Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy, şol sanda gümrük edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli gowulandyrylýar. Gullukçylar, olaryň maşgalalary üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli açylyp ulanmaga berilýär.
28-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärlerine niýetlenen şeýle ýaşaýyş jaýlarynyň biri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde açyldy. 4 gatly, 32 öýli, 2 we 3 otagly bu ýaşaýyş jaýy «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Onuň açylyş dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary we harby gullukçylary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, sungat ussatlary gatnaşdylar.