Gurýan döwlet gurpludyr

30 Iýun 2024
394

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz yhlas-tagallalaryndan kemala gelen Arkadag şäheri eziz Watanymyzyň gülläp ösüşiniň nyşanyna öwrülen nusgalyk şäherdir. Sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap şäherde sanly we «akylly» tehnologiýalar esasynda adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin iň gowy ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, ylmy-tehniki ösüşini äşgär edýär, Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalara esaslanýan giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga ukyplydygyny görkezýär.

Arkadag şäheriniň milli şäher gurluşygyň merjenine, şäher düzümini toplumlaýyn ösdürmäge jogapkärli çemeleşmäniň ajaýyp nusgasyna öwrülendigi aýdyň hakykatdyr. Şeýle üstünliklere gurluşyk pudagynda netijeli iş alyp barýan ýerli hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň hem mynasyp goşandyny goşýandygy örän begendirýär. Munuň özi türkmen işewürleriniň iri şähergurluşyk taslamalaryny amala aşyrmakda baý tejribe toplandygyna şaýatlyk edýär.

Täzegül JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar