Tomus paslynda howanyň gyzgynlylygynyň derejesi ýokarlanýar. Günüň ýiti şöhlesi saglyga ýaramaz täsir edip, ysgynsyzlyga, bedeniň suwuklyk derejesiniň peselmegine, deriniň guramagyna getirýär. Şol sebäpli tomsuna dogry iýmitlenmek we möwsüme görä egin-eşikleri saýlamak esasy şertleriň biri bolup durýar. Şeýle-de tomus günlerinde şu aşakdaky düzgünlere eýermeklik maslahat berilýär.
— Gün şöhlesinden dogry peýdalanmak üçin irden sagat 10.00-a çenli, öýlän 18.00-dan soň arassa howada gezelenç etmeli.