Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri bilen duşuşdy

26 Iýun 2024
231

25-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussain bilen duşuşdy. Duşuşykda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebitde bilelikdäki energetika we kommunikasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilişine, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we elektrik geçirijisiniň taslamalary uly ähmiýete eýedir. Bu iri düzümleýin taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň tutuş sebiti durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge itergi berjekdigine hem-de parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertine öwrüljekdigine ynam bildirildi. Şunda Türkmenistanyň öz tarapyndan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk teklipleriň ilerledilmegini goldamaga taýýardygy nygtaldy.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar