«Medeniýet hepdeligi — 2024»: döredijiligiň, joşgunyň, ylhamyň baýramy

24 Iýun 2024
326

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, medeni edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge, döredijilik işgärleriniň çekýän asylly zähmetini höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär. Şu jähetden, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilmegi möhüm taryhy wakadyr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýyl guralýan bu döredijilik çäresi milli medeniýetimizi gorap saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşinde barha artýan ornuny, ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilendir.

«Nesil».
Beýleki habarlar