Baky gymmatlyklaryň hazynasy

24 Iýun 2024
320

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy ýurdumyzda iri medeniýet ojaklarynyň biri hasaplanýar. Biz kitaphanaçylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli-döwranly Diýarymyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek barada alyp barýan beýik işlerine mynasyp goşant goşýandygymyza buýsanýarys. Kitaphanamyzda birnäçe bölüm bolup, olarda ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän okyjylara uly höwes bilen hyzmat edilýär.

Kitaphanamyzyň neşir gaznasynda müňlerçe nusga saklanyp, olaryň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar. Ýurdumyzda çap edilýän, şonuň ýaly-da ýurtiçre hem halkara derejesinde özara neşir alyşmak maksatnamasynyň çäklerinde gelip gowuşýan kitaplar, sungat depderleri, audioýazgyly hem wideoşekilli nusgalary hasaba almak, katalagloşdyrmak, sanly görnüşe geçirmek hem-de okyjylara we maglumatlary peýdalanyjylara ýetirmek üçin kitaphanamyzda ähli şertler döredildi. Kitaphanaçylaryň iş ýerleri doly kompýuterleşdirilen. Kitap gaznamyzy doly sanly ölçege geçirmek arkaly neşirleriň ýurdumyzyň hem dünýäniň islendik künjeginde internet-tor arkaly elýeterli bolmagyny gazanmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda kitaphanaçylaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen ýörite hünär okuwlary hem yzygiderli guralyp durulýar.

Ogulhally AKMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň abonement bölüminiň birinji derejeli redaktory.
Beýleki habarlar