Şatlykly pursatlaryň döwri

19 Iýun 2024
369

Orta mekdebi tamamlanyma ençe ýyl geçse-de, okuwçy wagtlarym her ýyl tomus paslynda oba gidişimiz ýadyma düşýär. Ol ýyllaryň hezilligini diýsene! Mamamyň tamdyrda bişirýän gyzgyn çöregini suwa batyryp iýmegiň lezzeti bir başga. Gelnejemiň süýtden taýýarlaýan önümleriniň tagamyny-da hiç zat bilen deňär ýaly däl. Agtyklarynyň gelýänini eşidäýse, babamyň howludaky üzüm bagynyň aşagynda garaşyp oturyşy, mamamyň bizi ezizleýşi häli-häzirlerem göz öňümde.

Oba barsak, deň-duşlarymyz bilen «Bäşdaş», «Bukuldym», «Ýüp bökdi» ýaly oýunlary oýnardyk. Ululara öýkünip, dürli nygmatlary, işdäaçar taýýarlardyk...

Jennet Nurmämmedowa.
Beýleki habarlar