Hoşmeýilliligiň we jebisligiň baýramy

19 Iýun 2024
394

Gurban baýramy adamzadyň tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan iň gadymy baýramlaryň biri hasaplanýar. Many-mazmunyna milli däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz siňen Gurban baýramy bu gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, Watanymyzyň ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyryp, jemgyýetçilik durmuşymyza aýratyn öwüşgin çaýýar. Şoňa görä, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bu mukaddes baýrama bagyşlanyp, üç günüň dowamynda Diýarymyzyň çar künjeginde aýdym-sazly dabaralar, baý mazmunly medeni-jemgyýetçilik çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem Gurban baýramynyň bellenilen günleri köpöwüşginli wakalara baý boldy. Esasy dabaralar Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilip, bu ýerde dikilen ak öýlerde halkymyzyň milli däp-dessurlary, milli mirasymyza degişli gymmatlyklar giňden şöhlelendirildi. Toý-baýramlaryň bezegi bolan medeniýet we sungat ussatlary joşgunly çykyşlary bilen bagtyýar raýatlaryň ruhubelentligini has-da artdyrdylar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz). Surata düşürenler Annanur REJEBOW, Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar