Bagtdan paýly nesiller

11 Iýun 2024
338

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ýaş nesil barada edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Ösüş-özgertmelere beslenen beýik döwrümizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapýar. Gazna tarapyndan çagalaryň saglygyny goramak we berkitmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary, lukmançylyk enjamlary we serişdeler berildi. Ýakynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gaznanyň howandarlyk etmeginde ýurdumyzyň çagalarynyň arasynda «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat bäsleşigi geçirilip, onuň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda sylaglandy.

Ogulnabat BEGOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar