Türkmen paýtagty täze üstünlikleriň ýolunda

7 Iýun 2024
400

3-nji iýunda Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Aşgabat – sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly baýramçylyk çäre geçirildi. Bu Çözgüt Aşgabatda 24-nji maýda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi.

Soňky ýyllarda syýasy, işewürlik, medeni-jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan Aşgabat dünýä sportunyň iri merkezine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän täzeçil şähergurluşyk strategiýasynyň netijesinde, paýtagtymyz halkara giňişlikde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur mümkinçilikleri bolan şäher hökmünde uly abraýa eýe boldy

«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar