Näsaglaryň arasynda arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy bilen baglylykda birnäçe pikirler ýüze çykýar. Olaryň haýsysynyň dogrudygyny ýa-da nädogrudygyny bilmek üçin geliň raýatlaryň arasynda ýüze çykýan pikirleri aýdyňlaşdyralyň.
1-nji pikir: «Gan basyşym ýokarlanýan bolsa-da men özümi gowy duýýaryn, diýmek howsala düşmäge esas ýok».