Söz ussadynyň owazly şygyrlary

6 Iýun 2024
349

XVIII asyryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Magtymgulynyň dünýägaraýşy türkmen halkynyň durmuşynda tutuş bir döwri şekillendirdi. Akyldar şahyryň şygryýet mirasy onlarça meşhur sazandalardyr döredijilik adamlaryny ruhlandyrdy we ruhlandyrýar. Magtymgulynyň poeziýasynyň özboluşlylygyny kesgitleýän — goşgularyň içki mukamlylygy, şahyrana sözleýşiň üznüksizligi ýaly aýratynlyklar ony saz pikirlenişiň esasy bilen ýakynlaşdyrýar. Magtymgulynyň poeziýasy diňe bir saz sungatynyň ösüşini höweslendirmän şeýle hem, aýdymçylaryň we sazandalaryň şahsy eserlerini döredenlerinde salgylanýan özboluşly nusgasy bolup durýar.

Halk-professional aýdymçylaryň aýdýan aýdymlarynyň agramly bölegi Magtymgulynyň goşgularyna degişlidir. Şahyryň pähimli öwütleri, nesihat beriji, pikir alyşýan şeýle hem yşky-liriki, filosofiýa ýugrulan eserleri aýratyn söýgä eýedir. Magtymgulynyň goşgulary köplenç aýdym hökmünde aýdylypdyr ýa-da mukam çalynýarka okalypdyr.

Bägül SAPAROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy.
Beýleki habarlar