Tile gelen sözler köňül nagşydyr

3 Iýun 2024
360

Magtymguly türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi ugry esaslandyrdy. Beýik söz ussady indi üç asyra golaý wagt bäri edebiýat meýdanynda agyr kerweniň kerwenbaşysy bolup gelýär. Edebi güýçleriň şeýle uly akymyny öz yzy bilen alyp gitmek nusgawy şahyrlaryň köpüsine miýesser etmeýär. Magtymgulynyň şygyrlary öz halkylygy we hakykylygy, sadalygy we şol bir wagtda çylşyrymlylygy, gadymylygy we döwrebaplygy, çeperligi we täzeçilligi bilen dünýäniň edebiýatçy alymlarynyň ençemesiniň ünsüni özüne çekdi.

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň öňe süren pikirleri, gyzyla gaplaýmaly setirleri halk aňyna ornap, milletiň taglymatynyň, uýýan aňyýeti hökmünde ykrar edilýär. Milli akyldarymyzyň parasatly pikirleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda giň rowaçlyga eýe bolup, halkara derejesinde öwrenilýär. Bu gün «Magtymgulynyň pähim-parasaty Amerikada, Ýewropada, Ýakyn we Orta Gündogarda, Hindistanda, Uzak Gündogar we Ýuwaş ummany sebitlerinde, GDA-nyň agzasy bolan ýurtlarda giň dabaralar bilen ýaýrady». Çünki Pyragynyň goşgularynda Watany söýmek, goramak baş maksat, esasy taglymat bolup orta çykýar. Magtymguly Pyragy mertlik, gahrymanlyk ýaly häsiýetleri hakykaty ýaýmak, dogryňy sözlemek, gybatdan daşda durmak ýaly hereketler arkaly ýüze çykarmak baradaky wajyp pikirleri öňe sürüpdir.

Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar