Sahawatly durmuş syýasaty

29 Maý 2024
371

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalar, şol sanda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» hem hut şuňa gönükdirilendir.

Bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ugurlarynyň durnukly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Golaýda Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň suw arassalaýjy, paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgalarynyň ulanmaga berilmegi, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi, «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 136-synyň açylmagy-da şeýle mümkinçilikleriň we ösüşleriň netijeleridir.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.
Beýleki habarlar