Haly — gözelligiň we nepisligiň nusgasy

22 Maý 2024
415

Milli sungatymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan tutulýar. Asyrlardan-asyrlara geçip, biziň günlerimizde-de uly meşhurlyga eýe bolan türkmen haly sungaty barada Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly kitaplarynda giňişleýin gürrüň berýär. Gahryman Arkadagymyz halylaryň gözelligi, gelip çykyşy barada, birnäçe rowaýatlary öz kitabynda belläp geçýär. Türkmeniň milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Halynyň ussatlyk bilen çitilen gölünde tebigatyň şekilini görüp bolýar. Halynyň iki gyrasyna älem çitilýär, älemden soň gyra nagyşlary salynýar. Halynyň gyrasynda gölçe, şelpeli gölçe, saýlan, içýanagyz şekilleri utgaşyp gelýär. Gyra nagyşlary, adatça, biri-birleri bilen utgaşyp, haly göllerini töwerekleýin gurşap alýar. Halynyň gyrasyna başga-da byçgy, dagdan, ownuk gül, baldakly gül, alaja, sary içýan, ýüp, böwrek, goçak, erikgül nagyşlary salynýar.

Haly hakynda şeýle rowaýat beýan edilýär. Gadymy döwürlerde bir ata-ene ogullaryny öýerjek bolanlarynda gowy gyzy gelin edinmek isläpdirler. Şeýlelikde, bir ýaşuly dana ýüzlenipdirler: «Biz oglumyzy öýlendirjek, oňa edepli-ekramly gyz alyp bermek isleýäris». Dana-da mylaýymlyk bilen ýylgyryp: «Ir bilen ak öýleriň arasyndaky ýodajyklardan geçiň hem-de töweregiňize üns berip ýöräň. Säher bilen haýsy öýden dokma daraklaryň sesi eşidilse, şol öýe sawçy baryp bilersiňiz. Daragyň sesi şol öýüň gyzynyň edeplidigini aňladýandyr» diýipdir.

Çynar ALLAKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar